Galla oragyny geçirmegiň kadalary

Edermen gallaçylaryň ýetişdiren bugdaý hasylyny öz wagtynda isrip etmän Watan harmanyna tabşyrmak jogapkärli wezipe. Munuň üçin orujy kombaýnlary sazlap, hasyly daşaýan ulaglary abatlap goýmak ýitginiň azalmagyna uly täsir edýär. Bugdaýyň hasylyny ýygnamagy örän tiz hem gysga möhletde geçirmeli.
Maglumatlara görä, bugdaý doly bişiş döwründen 15 gün geçenden soň, orlanda, dänesi dökülmezek, sypaly berk bolup, däne ýitgisi azyndan her gektarda 2–3 sentnere ýetýär. Ýygym döwründe däne ýitgisiniň az bolmagyny gazanmakda kombaýnlaryň bugdaýy orup geçenden soň, dökülüp gaçan däneleriň mukdaryny anyklamak möhümdir. Ol ýitgileri anyklamagyň iň ýönekeý usuly 1 metr uzynlykdaky rezin şlanganyň uçlaryny birleşdirip tegelek halka ýasamaly we ony kombaýnyň orup geçen yzyna taşlap, içine düşýän däneleri sanamaly. Eger halka düşýän däneleriň sany 40 we ondan köp bolsa, ol ýitgiler kabul ederliksiz hasap edilýär. Bu ýagdaýda kombaýnyň işçi enjamlaryny sazlamaly. Tohumlyk dänäniň ekiş hiliniň peselmeginiň esasy sebäpleriniň biri däne hasyly ýygnalanda we gaýtadan işlenende döreýän şikeslenmedir.
Tohumlyk dänäniň ekiş hiline kombaýnyň döwekleýji guralynyň sazlygy we dänäniň çyglylygy möhüm orun tutýar. Tohumlyk däne orlanda, daşalanda we gaýtadan işlenende urgularyň, sürtülmeleriň netijesinde dänäniň daşky gatlagyna, özenine, düwünçegine kiçi we uly şikeslenmeler ýetýär. Kombaýnyň döwekleýji enjamy saz işlemedik ýagdaýynda däneler döwülýär we gysylyp owranýar. Dänäniň kiçi şikeslenmesi iň howplusy bolup, ony arassalaýjy we saýlaýjy enjamlarda saýlap bolmaýar, ýagny şikeslenen däneler sagdyn däneden daşky görnüşi boýunça tapawutlanmaýar.
Ylmy maglumatlarda orujy kombaýnyň barlaghana we meýdan synagynyň netijesinde kiçi şikeslenen däneleriň mukdarynyň 30–40 göterim, döwlenleriniň 3 göterim we ondan köp bolýandygy bellenilýär. Bugdaý kyn döweklenýän ekinleriň hatarynda bolsa-da, iri däneler aňsat döweklenip az, ownuk däneler sümmüljikde berk durandygy sebäpli güýçli şikeslenýär.
Tohumlyk dänäler gaýtadan işlenende, 2 millimetr we ondan kiçi ölçegli däneler saýlaýjy enjamlaryň eleklerinden aňsat geçip, şikeslenme örän az bolýar, ýöne iri dänelerde şikeslenme köpelýär. Tohumlyk dänäniň bütewiligi aýratyn ähmiýete eýedir. Dänäniň daşky örtügi tohumyň içki gatlaklaryna mör-möjekleriň we keselleri döredijileriň aralaşmagyndan goraýar. Dänäniň daşky gabygynyň şikeslenmegi tohum saklananda, gögerende, ilkinji ösümlikleriň ülüş ýapraklarynyň we kök ulgamynyň ösüşine ýaramaz täsirini ýetirýär. Tohumyň ekiş hiline oragyň geçirilýän möhleti, howa şertleri we dänäniň çyglylygy uly täsir ýetirýär. Dänäniň berkligine çyglylygyň hem täsiri bar.
Däne 10–12 göterim çyglylykda orlanda, uly şikeslenme köpelýär. Şikeslenme derejesi dänäniň ululygyna, şekiline we dykyzlygyna bagly bolup, orta ululykdakylary az, irileri köp şikeslenýär.Tohumlyk däne orlanda we arassalananda şikeslenýär. Iki gezek gaýtadan işlenende şikeslenen dänäniň umumy mukdary 10–15 göterim artýar. Dänäniň orlandaky mehaniki şikeslenmesini azaltmak ýitgileriň öňüni almak bilen deňdir.Tohumlyk dänäniň şikeslenmesini azaltmak tohum serişdesiniň tygşytlanmagyna, meýdan gögerijiliginiň ýokarlanmagyna, hasyllylygyň artmagyna şert döredýär.