Köýtendagda gips önümlerini öndürýän zawodyň gurluşygyna badalga berildi

Maý 29, 2025 - 09:11
Köýtendagda gips önümlerini öndürýän zawodyň gurluşygyna badalga berildi

Köýtendag etrabynyň baýlyklaryny özleşdirmekde «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti has yhlaslylyk görkezýär. Ol öň­ki zawoddan daşgary ýene-de bir kuwwatly kärhananyň gurluşygyna girişdi.

«Türkmengipshojalyk» jemgyýetiniň buýurmasy esasynda gurulýan zawod ýylda 250 müň tonna gury garyndylary we 20 million inedördül metr gipsokarton öndürmäge niýetlenendir. Etrabyň Dostluk şäheriniň golaýynda düýbi tutulan kärhana gerek boljak esasy çig mal onuň töwereginde ýerleşýär. Hünärmenler sebitde ýörite seljerme işlerini geçirmek bilen, ýeriň üstüne ýakyn gatlaklarda gipsiň uly gorlarynyň bardygyny anykladylar. Geçirilen tejribeler bu ýerde ýene-de täze önümleri öndürip boljakdygyny görkezdi.

2027-nji ýylyň mart aýynda işe girizilmegi meýilleşdirilýän kärhanada 200-den gowrak täze iş orny dörediler.