Saud Arabystany haj möwsüminde zyýaratçylara goýulýan talaplary has-da berkidýär

Saud Arabystany haj möwsüminde zyýaratçylara goýulýan talaplary has-da berkidýär

Saud Arabystany haj möwsümi dowam edýän döwründe (10-njy iýuna çenli) musulmanlaryň Mekgä we Medinä sapar etmegi boýunça täze düzgünleri güýje girizdi. Indi bu mukaddes şäherlere diňe ýörite haj wizasy bilen girip bolýar.

Ýurduň Içeri işler ministrligi tarapyndan berlen duýduryşa görä, rugsatsyz haj parzyny ýerine ýetirmäge synanyşan adamlar 20 000 saud rialyna çenli (takmynan 5 300 amerikan dollary) jerime tölemeli bolar. Bu jerime, görkezilen döwürde Mekgä rugsatsyz girjek ýa-da galjak islendik wiza eýelerine degişli bolar.

Şeýle hem, haj düzgünlerini bozmakda günäkärlenen adamlara 100 000 saud rialyna çenli (takmynan 26 000 dollar) jerime salnyp bilner. Bu düzgün bikanun migrantlara we wizasy möhleti dolan adamlara hem degişli. Şeýle ýagdaýda olar ýurtdan çykarylyp, 10 ýyl möhlet bilen Saud Arabystanyna girmäge gadagan edilýär.

Mundan başga-da, haj rugsady bolmadyk adamlary Mekgä eltmek üçin ulanylan ulaglar döwlet tarapyndan konfiskasiýa ediler. Syýahatçylyk ministrligi Mekgedäki myhmanhanalara we beýleki kabul ediş nokatlaryna resmi rugsatsyz hajçylary ýerleşdirmek gadagandyr diýip resmi taýdan habar berdi. Şeýle rugsatsyz adamlary kabul edýänlere garşy çäre görülmegi göz öňünde tutulýar.