ChatGPT-niň dogry modelini nädip saýlamaly?

OpenAI kompaniýasy ChatGPT ulanýanlar üçin özlerine laýyk modeli nädip saýlamalydygyny düşündirýän ýörite gollanma taýýarlady. Bu maglumat kompaniýanyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.
Häzirki wagtda ulanyjylar üçin birnäçe dürli model elýeterli bolup, olaryň her biri aýratyn ugurlar boýunça işlemek üçin niýetlenendir. Bu modelleriň hatarynda GPT-4o, GPT-4.5, o4-mini, o4-mini-high, o3 we o1-pro bar.
GPT-4o modeli – gündelik we çaltlyk talap edýän işler üçin iň amatly saýlaw. Bu model tekst, surat, tablisa, ses we wideo ýaly dürli maglumat görnüşlerini tanap bilýär. Hat ýazmak, resminamalary analiz etmek ýa-da meýilnama düzmek ýaly işlerde oňa daýanmak bolýar. Şeýle hem bu modelde ulanyş çägi ýok.
GPT-4.5 bolsa döredijilikli işleri ýerine ýetirmekde has netijeli bolar. Ol giň konteksti göz öňünde tutup, marketing tekstleri ýa-da sosial mediýa ýazgylary ýaly mazmunlary döretmekde peýdalydyr. Ýöne bu modelde ulanyş çägi bar – hepdede 20 sorag bilen çäklendirilýär.
Tehniki soraglara çalt we netijeli jogap bermek üçin o4-mini we onuň giňişleýin görnüşi bolan o4-mini-high elýeterli. Esasy o4-mini günde 300 soraga çenli işlemäge mümkinçilik berýär. o4-mini-high bolsa has giňişleýin we jikme-jik jogap berýär, emma günde diňe 100 soraga rugsat berýär.
Uly göwrümli maglumatlar bilen işleýän ýa-da strategiýa düzmek ýaly çylşyrymly meseleleri çözýänler üçin o3 modeli iň güýçli saýlawdyr. Bu model bilen hepdede 100 soraga çenli iş alyp barmak bolýar.
Şeýle-de, OpenAI tarapyndan ozal çykarylan, uzak möhletli seljeriş işleri üçin niýetlenen o1-pro modeli hem elýeterli bolmagynda galýar.
Ulanyjylaryň isleglerine görä, dürli maksatlar üçin laýyk model saýlamak arkaly ChatGPT-niň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak mümkin. Her bir model aýratyn zerurlyklara laýyklykda işlenip düzülendir.