Höwürtgeleýän guşlaryň sany artýar

Ýurdumyzyň özboluşly we örän baý tebigaty bar. Uçut gaýaly, dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän sähralarymyz, tolkunyp ýatan deňiz-derýalarymyz oňa özboluşly gözellik berip, janly-jandarlaryň ýaşamagy, köpelmegi üçin iňňän oňaýly tebigy şertleri üpjün edýär.

Höwürtgeleýän guşlaryň sany artýar

Häzirki döwürde ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biologik dürlüligi, aýratyn-da, seýrek duşýan, gymmatly görnüşleri gorap saklamak we köpeltmek döwlet ähmiýetli meseleleriň derejesindedir.

Ýurdumyzyň haýwanat dünýäsi örän baý bolup, onda dürli görnüşli guşlara gabat gelmek bolýar. «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynda guşlaryň 258 görnüşi hasaba alyndy. Olaryň käbiri uçup geçýän, köpüsi bolsa gyşlamaga galýan guşlardyr. Şeýle hem, oturymly we uçup gelip höwürtgeleýän guşlar bar. Goraghananyň pisse tokaýlygy, sähralyk meýdanlary we gury çöketlikleri guşlaryň höwürtge gurmagy üçin tebigy şertleri döredýär.

Gajar, ýylançy gyrgy, gara çaýkel, maslykçy, depesyçançy ýaly ýyrtyjy guşlar pisse we sazak agaçlarynda höwürtge gurýarlar. Dazzarkel, bürgüt, adaty göwenek, sähra göwenegi, sakally garaguş we ütelgi ýaly guşlar bolsa Gyzyljaryň we Ýeroýlanduzuň kert gaýalarynda höwürtge gurýarlar.

Goraghananyň meýdanlarynda we oňa ýanaşyk ýerlerde yzygiderli geçirilýän gözegçilikleriň netijelerine görä, ýyrtyjy guşlaryň höwürtgelerindäki ýumurtgalaryň sany tebigatdaky iýmit ätiýaçlygyna bagly bolýar. Gemrijileriň sanynyň ýokary bolan ýyllarynda depesyçançy, bürgüt ýaly guşlaryň jüýjeleri hem köpelýär.

Gajar, sakally garaguş, maslykçy, dazzarkel ýaly guşlaryň höwürtgelerinde adatça bir ýumurtga bolýar. Olar esasan, toýnakly haýwanlaryň maslygy bilen iýmitlenýärler. Dürli sebäplere görä ölen haýwanlaryň maslyklaryny iýmek bilen tebigaty arassalaýarlar. Ütelgi guşy esasan beýleki guşlar bilen iýmitlenýär, ýylançy gyrgy bolsa ýylanyň sanyny kadalaşdyrýar. Göwenekler mör-möjekler, ownuk süýrenijiler we gemrijiler bilen iýmitlenýärler.

Geçirilýän sanawyň netijelerine görä, 8 sany gajaryň, 4 sany depesyçançynyň, 6 sany dazzarkeliň, 1 bürgüdiň, 5 sany maslykçy guşuň, 7 sany göwenegiň we 1 sany hüwiniň höwürtgesi hasaba alyndy. Bu guşlara ýylyň dowamynda gözegçilik edilýär, höwürtgeleriň GPS koordinatlary alnyp karta geçirilýär hem-de tebigat ýylýazgy kitabynda öňki ýyllar bilen deňeşdirilýär. Bu işler bolsa guşlary goramakda we ylmy gözegçiligi sazlaşykly alyp barmakda möhüm ähmiýete eýedir.