Welosiped – ekologik, sagdyn we peýdaly ulag
Welosiped – daşky gurşawa zyýansyz, ynsan saglygy üçin peýdaly hasaplanýan ulag serişdeleriniň biridir.

Aslynda, welosipediň dörän taryhy barada dürli çeşmelerde maglumatlar bar. Olaryň aglabasynda ilkinji bolup welosipedi 1817-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Karl fon Dreziniň döredendigi aýdylýar. Şonuň üçin hem ilkinji welosipedleriň ady «drezina» diýip atlandyrylypdyr. Maglumatlara görä, ilkinji welosipedler agaçdan ýasalypdyr. Şeýle-de bolsa, welosipedleriň 1808-nji ýylda Parižde ulanylandygy barada hem maglumatlar bar. Olary sürüji iki aýagy bilen ýerden itekläp hereket etdirmeli bolupdyr.
Welosiped sürmek beýleki ulag serişdeleri bilen deňeşdirilende, daşky gurşawy goramakda aýratyn ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, welosiped sürmek adamyň saglygyna peýdaly bolup, onuň durmuşyndaky möhüm orny görkezýär.
Welosiped sporty bilen meşgullanmak üçin adatça açyk howa şertleri saýlanyp alynýar. Adamyň we tebigatyň sazlaşykly gatnaşygy saglygyň kepili bolup durýar. Dag eteklerinde, tokaý zolagynyň gyralarynda, ýurdumyzyň beýleki gözel ýerlerinde welosiped sürmek janly tebigata ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär.
Welosipedli gezelençler dünýäde uly jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň biri bolup, olar dürli durmuş, sport we ekologiýa taslamalaryny we başlangyçlary goldamak maksady bilen geçirilýär.
Öňdengörüjilikli sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde, welosiped sporty türkmenistanlylaryň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. 2018-nji ýylda paýtagtymyzda Bütindünýä welosiped gününiň hormatyna geçirilen ýörişe 3 müň 246 adam gatnaşyp, bu çäre Ginnesiň rekordlar kitabynyň «Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak» derejesinde ykrar edildi. 2019-njy ýylda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 2020-nji ýylda bolsa, 12 kilometrlik ýörişden başga-da, Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan «Welosiped» binasynyň açylmagy aýratyn bellärlikli waka boldy.
Umuman, welosport jemgyýetimizde barha uly gyzyklanma döredýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak isleýänleriň sany günsaýyn artýar.