Millionynjy elektromobil

Germaniýanyň «Volkswagen» kompaniýasynyň Swikkaushäirinde ýerleşýän zawody ajaýyp sepgide ýetdi — ol millionynjy elektromobilini çykardy. Bu görkeziji «Volkswagen ID.3 GTX Performance» elektromobili bilen amala aşyryldy.

Millionynjy elektromobil

Bäş ýarym ýylyň dowamynda zawod içinden ýangyç bilen işleýän hereketlendirijilerden doly ýüz öwrüp, elektromobil önümçiligine geçdi. Elektromobilleriň önümçiligi 2019-njy ýylda «MEB» platformasyna esaslanýan «ID.3» ulagynyň çykarylmagy bilen başlandy. Häzirki wagtda Swikkaushäir zawody Ýewropada «Volkswagen Group»-yň ähli elektromobilleriniň ýarysyny öndürýär.