Saud Arabystanyň meşhur topary Ançelotti bilen Winiusius Žunýora haýran galdyryjy teklip etdi

Apr 30, 2025 - 16:58
Saud Arabystanyň meşhur topary Ançelotti bilen Winiusius Žunýora haýran galdyryjy teklip etdi

Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” futbol kluby Madridiň “Realynyň” baş tälimçisi Karlo Ançelotti bilen ýyldyz hüjümçi Winiusius Žunýora örän haýran galdyryjy teklip bilen ýüzlendi. Bu barada “Sports Zone” portaly sosial ulgam X-de (öňki Twitter) habar berýär.

“Al-Hilal” häzirki tälimçi Žorže Žezus bilen ýoluny dowam edip bilmejekdigini we Ançelottini her nähili ýagdaýda hem toparyň başyna getirmek isleýär. Klubyň ýolbaşçylary bu ädimi bilen esasy transfer maksady bolan Winiusius Žunýory özlerine çekip biljekdiklerine ynanýarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, Er-Riýadda ýerleşýän klub eýýäm 24 ýaşly braziliýaly futbolçynyň wekilleri bilen habarlaşypdyr. Saud Arabystan taraplary onuň transfer bahasy, zähmet haky we bonuslaryny öz içine alýan şertnama üçin €800 million tölemäge taýýar. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda Winiusius Madridiň “Realy” bilen şertnamasyny uzaltmaga meýil etýär.

Mundan öň metbugatda Ançelottiniň Braziliýanyň milli ýygyndysyny dolandyrmak teklibini ret edendigi barada habar berlipdi.