Lebap welaýatynda ulag we aragatnaşyk ulgamlary kämilleşdirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ulag we aragatnaşyk pudagynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasaty netijesinde, ähli amatlyklary bolan täze awtoulaglaryň ýurdumyza getirilmegi, ýol-ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy, sanly ulgamyň ösdürilmegi we häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi uly depginler bilen alnyp barylýar.
Lebap welaýatynda hem bu ugurda işler üstünlikli alnyp barylýar. Ýurduň ulag ulgamynda zähmet çekýän kärhanalaryň hatarynda «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi aýratyn tapawutlanýar. Bu ýerde ussat sürüjiler, hünärmenler yhlas bilen işläp, döwletimiziň öňde goýan maksatlaryna mynasyp goşant goşýarlar.
Ýakynda bu kärhananyň düzümine Ýaponiýada öndürilen döwrebap «Toyota Coaster» we «Toyota Hiace» kysymly täze awtobuslaryň köp sanlysynyň gelip gowuşmagy ulag hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrdy. Netijede, ýolagçy gatnawy boýunça meýilnama üstünlikli berjaý edilýär. 2024-nji ýylda 6 million 75 müňden gowrak ýolagça hyzmat edilip, meýilnama 102,5 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem 701,5 müň tonna ýük daşalyp, degişli meýilnama 101 göterim ýerine ýetirildi.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap awtomenziller ulanylmaga berildi. Türkmenabat şäherindäki täze awtomenzil bolsa welaýat ýaşaýjylaryna ýokary hilli hyzmat etmek bilen, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Bu ýerde ýolagçylar diňe bir awtobus peteklerini däl, eýsem, howa we demir ýol peteklerini hem satyn alyp bilýärler.
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmak, hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýan işler netijesinde, Lebaply ýaşaýjylar döwrebap awtobuslarda rahat we ýokary hilli hyzmatlardan peýdalanýarlar.
Kärhananyň tejribeli işgärleri bolan Aýna Omarowa, Muzaffar Artykow, Bahtýar Kozyýew, Suhrap Erniýazow, Begmurat Mustakow, Ahmet Annayew, Rüstem Ýagmurow ýaly işgärler ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen uly ynam gazanýarlar.
Şeýlelikde, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ulag we aragatnaşyk pudagy täze ösüşlere eýe bolýar we halkymyza ýokary hilli hyzmat etmekde öz mynasyp ornuny tapýar.